Lebaply kärendeçiler ekin meýdanlaryny öz maddy serişdeleriniň hasabyna suwarýar

Lebaply kärendeçiler ekin meýdanlaryny öz maddy serişdeleriniň hasabyna suwarýar

Lebap welaýatynda kärendeçi daýhanlar ekin meýdanlaryny suwarmak üçin öz maddy serişdeleriniň hasabyna guýulardan suw çekýärler. Garaşsyz neşir "Türkmenistanyň hronikasynyň" çap eden bu maglumaty, prezident Serdar Berdimuhamedowyň suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamagy ýene bir gezek tabşyran mahalyna gabat geldi.

17-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda prezident häzirki wagtda dowam edýän gowaça ekişiniň, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny hem belledi.

Prezidentiň eden bu çykyşynyň fonunda, Lebabyň Darganata etrabynda döwlet tabşyrygy boýunça ot-iým, şol sanda ýorunja ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler suw ýetmezçiliginden kösenýärler. Olar ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin elektrik suw nasoslaryndan peýdalanýarlar.

"Nasoslara elektrik energiýasy çekilýär. Ýerli elektrik edaranyň işgärleri möhürlenen elektrik hasaplaýjy enjamlary oturdýarlar we olar kärendeçilere sarp ediljek toguň adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynda ulanýan elektrik togundan ep-esli gymmat boljakdygyny duýdurýarlar. Sarp edilen elektrik togy üçin tölegleri kärendeçileriň özleri töleýärler" diýip, garaşsyz neşiriň 17-nji aprelde çap eden maglumatynda aýdylýar.

Kärendeçiler sebitiň Amyderýanyň kenarynda ýerleşýändigine garamazdan suwaryş kanallarynda suwuň ýokdugyny aýdyp, bir nasosyň 24 sagatlap işläp bilmeýändigini, şol sebäpli köpleriň iki nasos işletmeli bolýandygyny hem belleýärler.

"Etrap häkimligi suw ýetmezçiligi meselesiniň kärendeçiler tarapyndan çözülmelidigini, sebäbi suwaryş ulgamynyň esasan pagta we bugdaý ekilen meýdanlary suwarmak üçin işleýändigini aýdýar. Emma bu oba hojalyk ekinleri-de suw bilen ýeterlik üpjün edilmeýär. Mundan başga-da, häkimlik sebitiň ýerasty süýji suwlarynyň ýaşaýjylar tarapyndan mejbury ulanylmagy babatda jogapkärçiligi öz üstüne almaýar" diýip, neşir belleýär.

Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün we tehnika ýaly üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.

Muňa garamazdan, kärendeçiler özleriniň suw, dökün we tehnika üpjünçilikleriniň ýaramazdygyny we munuň köplenç hasylyň pes bolmagyna getirýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Lebap welaýatyna şu aýyň ilkinji ongünlüginde ýagan güýçli ýagyş ekişi tamamlanan gowaça meýdanlaryny zaýalandan soň, gowaça ekişine täzeden girişen pagtaçy kärendeçiler sürüm we tekizleýiş işlerini öz maddy serişdeleriniň hasabyna gaýtadan amal edýändiklerini gürrüň berdiler.

Mart aýynyň ortalarynda Marydaky habarçymyz welaýatyň çäklerindäki gallaçy kärendeçileriň ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýändigini we şu sebäpli bugdaý meýdanlarynyň köp böleginde kadaly gögerişiň alynmandygyny​ gürrüň berdi.​

Türkmenistanda suw ýetmezçiligi diňe oba hojalygynda däl, eýse ýurt ilatynyň agyz suw üpjünçiligi meselesinde hem ýyllarboýy saklanyp galýar. Paýtagtda we welaýatlarda ýaşaýyş hem-de durmuş maksatly binalaryň suw üpjünçiligi ençeme günläp kesilýär.

Bu aralykda, bilermenler Owganystanda gurulýan Koştepa kanalynyň işe girizilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar.

Türkmenistan dünýäde suwy iň bisarpa harçlaýan ýurtlaryň hatarynda agzalýar. BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy 2021-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda we Özbegistanda suwdan peýdalanmagyň krizis derejesine ýetendigini mälim etdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň suw hojalygy ulgamynyň dolandyrylyşyndaky problemalary gytaklaýyn boýun alyp, wagtal-wagtal bu ulgamda kadr çalşygyny yglan edýärler. Muňa garamazdan, suw hojalygyndaky problemalar aradan aýrylmaýar.​

Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň prezidenti ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak baradaky buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberi tassyklanyldy. Ýöne TDH buýrugyň jikme-jiklerini aýdyňlaşdyrmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlag iberdi
Lebaply daýhanlar tehnika aladalarynyň arasynda şaly oragyna girişýär
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
Ykdysady Ynam Indeksi Artdy
Prezident Erdogan Täze Zigana tunneliniň açylyşyny ýerine ýetirdi
Mahabat dünýäsiniň täze bazary: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi