Prezident Erdogan Täze Zigana tunneliniň açylyşyny ýerine ýetirdi

Prezident Erdogan Täze Zigana tunneliniň açylyşyny ýerine ýetirdi

Prezident Erdogan Trabzonda geçirilen Täze Zigana tunneliniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, tunneliň dünýäniň iň uly 3-nji, Ýewropanyň we Türkiyäniň bolsa iň uzyn goşa turbaly ýol tunneli hökmünde gurulandygyny habar berdi.

Trabzon bilen Gümüşhane welaýatlarynyň arasyndaky bu tunnel bilen Gara deňizi Gündogar we Günorta-gündogar Anadola, ol ýerden bolsa Eýrana we Ýakyn Gündogara, täze taryhy Ýüpek ýoluna birikdirendiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Zigana dagyndan geçmegi üpjün edýän Täze Zigana tunneliniň sebitiň ähli ugurlardaky galkynyşynyň nyşanalarynyň biri bolar.

Sarp ediljek wagt, ýangyç, kömürturşy gaz zyňyndylaryny azaltmak bilen birlikde, Gara deňiz sebitindäki portlar bilen ýurdumyzyň günorta sebitiniň arasynda täze bir ugur açýarys" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy
Urugwaýyň Katar 2022-de çykyş etjek oýunçylary mälim boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanda Hazaryň kenarynda harby türgenleşik geçirildi (Wideýo)
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny