Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Türkiýe asyryna üns çekdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda “Respublikamyzy syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, diplomatik ugurlarda milletimiziň arzuw edýän derejelerine göterjek başlangyjyň adyny “Türkiýe Asyry” diýip goýduk. Ýurdumyzyň we medeniýetimiziň ähli gazananlarynyň üstünde beýgeljek bu garaýyş, täze nesillere goýjak mirasymyz bolar” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Diňe Türkiýede we ABŞ-da bar” söz başyly habarynda; “Golaýda ýaýradylan wideo ýazgylardan birinde “AKYNJY” uçarmansyz howa hüjüm ulagynyň üstünde “miniatura bombanyň” görüldi. Türkiýe bilen ABŞ-dan başga ýurtda bolmadyk şol ýaragy uçarmansyz howa ulagyndan atmak Ankarany güýçlendirjek waka hökmünde analiz edilýär” diýip ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň öndüren täze ýaraglary gorkuzdy! Gresiýanyň gussaly boýun almasy” söz başyly habarynda; “Grek metbugatynda çykan analiz makalada ýerli we milli garaglarymyz seljerildi. Türkiýe özüni global güýje öwürme maksatnamasyny ygrarly dowam etdirýär. Gresiýa mesele bilen ýakyndan gyzyklanýar, emma gynansagam yzda galýar diýilýär” diýip ýazýar.

“Star” gazeti “Goşunymyz üçin türk goranyş senagatyna ynanýarys” söz başyly habarynda, Wengeriýanyň Goranmak minsitri Kristof Szalaý-Bobrowinskiýniň ýurdunyň 2017-nji ýyldan bäri taryhynyň esasy harby ösüş işlerini alyp barýandygyny beýan edip; “Bu çäkde goşunymyzy döwrebap, NATO utgaşykly enjamlar bilen üpjün edýäris.

Biz bu meselede türk goranyş senagatyna ynanýarys.Türk goranyş senagaty bilen beýleki ugurlarda-da hyzmatdaşlygymyzy hasam ösdürmegi arzuw edýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Trabzona kruiz syýahaty bilen 3 aýda 4 müň syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Trabzon şäherinde 5 ýyl soň tomus aýlarynda gaýtadan başlan kruiz syýahaty bilen 3 aýda 4 müňe barabar syýahatçynyň gelendigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy
Urugwaýyň Katar 2022-de çykyş etjek oýunçylary mälim boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanda Hazaryň kenarynda harby türgenleşik geçirildi (Wideýo)
250-nji “El Klasiko”