
Samsung Group kompaniýalar toparynyň hakyky ýolbaşçysy we korporasiýanyň esaslandyryjysynyň agtygy Li Çže Ýon Samsung Electronics kompaniýasynyň prezidenti bellenildi. Bu barada metbugat relizinde habar berilýär diýip, TASS belleýär.
Li Çže Ýon 1991-nji ýyldan bäri kompaniýada işleýär we 2012-nji ýyldan bäri Samsung Electronics-iň wise-prezidenti wezipesini eýeledi. Prezident wezipesi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda onuň kakasy Li Gon Hi aradan çykany bäri iki ýylyň dowamynda boş boldy. Li Çže Ýon kompaniýany esaslandyryjy Li Býon Çholyň agtygydyr.