Litwanyň täze Premýer-ministri

Litwanyň parlamenti ýurduň Sosial-demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary Gintautas Palukasy Hökümet başlygy wezipesini tassyklady.Prezident Gitanas Nauseda onuň bu wezipä bellenilýändigi barada karara gol çekdi.Gintautas Paluskas, 2020-nji ýyldan bäri hökümete ýolbaşçylyk eden Ingrida Şimoniteniň ýerine geçdi.

Paluskas ýurduň Prezidenti tarapyndan 19-njy hökümetiň başlygy wezipesine hödürlendi.Gitanas Nausėdanyň dalaşgärligini 88 deputat goldady, parlamentiň 36 agzasy garşy çykdy, 6 adam saklandy. 21-nji noýabrda ol Prezident Gitanas Nausėda bilen Ministrler Kabinetini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Resmi wezipä girişenden soň, Hökümet başlygynyň ministr orunlaryny paýlamak we hökümet maksatnamalaryny parlamente hödürlemek üçin iki hepdeden gowrak wagty bolar. Şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazanyp, 141-den 52 orna eýe boldy, ýöne partiýanyň başlygy Wiliýa Blinkewiçýute Premýer-ministrlige dalaşgärligini hödürlemekden ýüz öwürdi. Şeýlelikde, Gintautas Paluskas partiýadan bu wezipä dalaşgär boldy.

Ol Sosial-demokratik partiýa bilen koalisiýa giren “Litwanyň hatyrasyna demokratlar” we “Nemanyň daňy” partiýalary tarapyndan goldanyldy. /* custom css */ .td_uid_15_6741c61ececcd_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6741c61ececcd_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Sosial-demokratlar partiýasy Bundestaga saýlawlarda üstün çykdy
Özbegistanyň täze saýlanan Prezidenti kasam kabul edip, resmi taýdan wezipesine girişer
Şwesiýanyň täze premýer-ministri iş başyndan gitmek kararyna geldi
Geljekki kansler täze ministrler bilen tanyşdyrdy