“Liwerpul” içini sowatdy

Angliýanyň çempionatynda 4-nji tapgyrda “Liwerpul” taryhy ýeňiş gazanyp, APL-niň rekordyny gaýtalady.Ilkinji 3 tapgyrda (2 deňlik, 1 ýeňliş) ýeňiş gazanyp bilmedik Kloppuň şägirtleri bu tapgyrda “Bornmuty” 9-0 hasabynda utup, garşydaşyny derbi dagyn etdi.

Eýýäm 3-nji minutda Luiz Dias hasaby açyp, 6-njy minutda Elliott, 28-nji minutda Aleksander-Arnold, 31-nji minutda Firmino hem-de 45-nji Wan Deýk “Liwerpulyň” 1-nji ýarymdaky gollaryny geçiren oýunçylar boldy. 2-nji ýaryma-da (46-njy minutda) Mefamyň awtogoly bilen başlan “Liwerpulda” 63-nji minutda Firmino 2-nji goluny geçirdi. 81-nji minutda täze transfer Karwalýo hasaby 8-0-a çykardy.

Duşuşygyň 85-nji minutynda gol ýagyşynyň başyny başlan Luiz Dias oýna soňky nokada goýýar.Duşuşykda 2 gol geçiren Firmino 3 golyň hem pasyny berdi.Mohamed Salah 1 gola-da gönümel goşant goşup bilmedi. Şeýlelikde, “Liwerpuluň” gazanan bu taryhy ýeňişi APL-niň rekordyna deň bolup, “Mançester Ýunaýted” we “Lesteriň” rekordy gaýtalandy. “Liwerpuldan” öň “Mançester Ýunaýted” 2 gezek 1995-nji ýylda “Ipswiç Towny” hem-de 2021-nji ýylda-da “Southemptony” 9-0 hasaplar bilen ýeňipdi. Şeýle-de, “Lester Siti” hem 2019-njy ýylda “Southemptonyň” derwezesinden jogapsyz 9 gol geçiripdi.

“Liwerpul” topary 1899-njy (“Roterham Town”, 101) we 1989-njy (“Kristal Palas” 9-0) ýyllardan soň 3-nji gezek 9 gol aratapawudy bilen ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
Arsenal birinjiligi elden bermedi