Angliýanyň “Premier Ligasynda” 19-njy tapgyryň duşuşyklarynyň 6-sy 30-njy dekabrda oýnalypdy.Galan 4-si bolsa täze ýylyň ilkinji agşamynda geçirildi.Täze ýylyň ilkinji agşamynda geçirilen 4 oýunda-da ýeňiş gazanan bolman, hatda olaryň 3-sinde hasap hem açylmady.
Umumylykda 19-njy tapgyryň 10 duşuşygynyň 7-si deňlikde tamamlanyp, “Arsenal” 2-nji ýerdäki “Mançester Sitiden” 4 utuk öňe saýlandy.
“Mançester Siti” myhmançylykda “Sanderland” bilen, “Liwerpul” öz meýdançasynda “Lids” bilen golsuz deňme-deň oýnady. “Tottenham” hem London derbisinde “Brentfordyň” myhmany bolup, oýunda hasap açylmady. Başga bir London derbisinde “Kristal Palas” bilen “Fulham” 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Matetanyň 39-njy minutdaky goluna myhmanlardan Kerni 80-nji minutda jogap berdi.
30-njy dekabrda oýnalan duşuşyklarda-da 3 oýunda deňlikde gutarypdy. “Çelsi” bilen “Bornmut” 2-2, “Mançester Ýunaýted” bilen “Wulwerhempton” 1-1, “West Ham” bilenem “Braýton” 2-2 hasabynda deňlikde oýnapdy.
Bu tapgyrda diňe 3 oýunda ýeňiş gazanan bolup, “Nýukasl” myhmançylykda “Börnlini” 3-1, “Ewerton” hem myhmançylykda “Nottingam Foresti”, şol sanda “Arsenal” öz meýdançasynda “Aston Willany” 4-1 hasabynda ýeňipdi.
19-njy tapgyryň netijeleri:
Börnli Nýukasl: 1-3
West Ham Braýton: 2-2
N. Forest Ewerton: 0-2
Çelsi Bornmut: 2-2
Arsenal A. Willa: 4-1
M. Ýunaýted Wulwerhempton: 1-1
K. Palas Fulham: 1-1
Liwerpul Lids: 0-0
Brentford Tottenham: 0-0
Sanderland Man. Siti: 0-0
