LOWURDAP NUR SAÇ SEN ARKADAG ÝYLDYZY

LOWURDAP NUR SAÇ SEN ARKADAG ÝYLDYZY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Lowurdap nur saç sen Arkadag ýyldyzy atly syýasy söhbetdeşlik geçirildi.

Asman jisimlerini öwrenýän Kosmos-Ýer jemgyýetiniň alymlary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan guwanjyň we buýsanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine Arkadag diýip at goýdular.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkyny ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine Arkadag adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle-de teleskopy we onuň düşüren suratlaryny Türkmenistanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak barada çözgüt kabul edildi.

Bu bolsa uniwersitetiň mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny buýsandyrdy.

Çuň manyly çykyşlardan soň, çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Internet çäklendirmeleriniň gerimi ýene-de 'giňäp başlady', näme üçin şeýle bolýar?
Aýdymçynyň prezidente täç geýdirmek baradaky teklibi halkda köp sorag döredýär
Medeniýet hepdeligimi ýa-da şahsyýet kultunyň has güýçlendirilmegi?
'Mejbury tomaşaçy' meselesiniň çözgüdi 'halk durmuşynyň gowulanmagynda' - Synçy
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy