Luis Suaresi täze klubunda 30 müň janköýer garşylady

Urugwaýyň çempiony “Nasional” bilen şertnamasy tamamlanan ýyldyz hüjümçi Luis Suares öz yklymynda galdy. Ol Urugwaýyň goňşusy Braziliýanyň “Gremio” toparynyň düzümine goşuldy. 35 ýaşyndaky hüjümçi Porto Alegri şäheriniň wekili bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ýyldyz oýunçynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin “Porto Alegri” stadionyna 30 müň janköýer ýygnandy. Dabarada Luis Suares:

Soňky günlerde maňa goýulýan belent sarpa üçin hemmä minnetdarlyk bildirýärin. “Gremio toparyny öňki ýeňişli günlerine dolandyrmak üçin elimden geleni gaýgyrmajakdygyma söz berýärin. Gol baryny geçirip, çempionlyklar gazanmak üçin geldim diýip, çykyş etdi. “Gremiodan” öň ýurdunyň “Nasional” topary bilen çempionlyk gazanan Luis Suares Ýewropada “Groningen”, “Aýaks”, “Liwerpul”, “Barselona”, “Atletiko Madrid” ýaly klublaryň köýnekçesini geýdi.

“Gremio” topary 2021-nji ýylda 2-nji liga düşüpdi. Täzeden ýokary liga çykan Gremionyň muzeýinde 3 Libertadores Kubogy bar.

Ýene degişli makalalar

Suares Braziliýanyň Gremio toparynyň futbolçysy boldy
Ýyldyz hüjümçi ilkinji duşuşygynda het-trik edip, toparyna kubok gazandyrdy
Meşhur klub çempionlygyny goramagy başardy
Brazil topary bir ädim öňde
3-nji çempionlygyna 22 ýyl garaşdy
“Realyň” şu ýylky 5-nji kubogy