Ýyldyz hüjümçi ilkinji duşuşygynda het-trik edip, toparyna kubok gazandyrdy

Urugwaýly ýyldyz hüjümçi Luis Suares täze kluby “Gremiodaky ilkinji duşuşygynda 38 minutda het-trik etdi. 35 ýaşyndaky oýunçy topary “Gremionyň” “Recopa Gaucha” kubogy (Welaýat kubogy ýaryşy) ugrundaky duşuşykda Sao Luiz toparyny 4-1 ýeňen oýnunda ilkinji 38 minutda 3 gol geçirdi.

Ol 5-nji, 32-nji hem-de 38-nji minutlarda tapawutlandy.Bu onuň karýerasyndaky 30-njy het-trigi hökmünde hasaba alyndy.Duşuşykda 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Gremio” kuboga mynasyp boldy.

Luis Suares hem täze klubundaky ilkinji kubogyny asmana göterdi.

Ýene degişli makalalar

Futbol bilen hoşlaşan ýyldyzlar
“Libertadoresde” “Superklasiko” finaly
46-njy Kopa Amerika
Suares Braziliýanyň Gremio toparynyň futbolçysy boldy
Luis Suaresi täze klubunda 30 müň janköýer garşylady
Meşhur klub çempionlygyny goramagy başardy