Lukman stresi ýeňmegiň garaşylmadyk usulyny salgy berdi

Lukman stresi ýeňmegiň garaşylmadyk usulyny salgy berdi

Stresi, ýagny tolgunmany garaňkylygyň we ümsümligiň kömegi bilen çalt ýeňip bolar. Bu barada russiýaly fizioterapewt-lukman Swetlana Malinowskaýa maslahat berýär diýip, MIR 24 ýazýar.

Hünärmeniň sözlerine görä, ümsümligiň peýdaly tarapy öňden subut edilendir, sessizlik diňe dartgynlylygy aýyrman, eýsem, beýniniň işini-de gowulandyrýar.

Emma tümlügiň peýdasy barada az zat bellidir. Emma Malinowskaýa ýarym garaňkylykda öz-özüň bilen galmak rahatlanmaga kömek edýär, sebäbi yşyk ýok çagynda gözüň fotoreseptorlary beýnä hiç hili täsir etmeýärler, şonuň netijesinde nerw ulgamy täzeden güýç toplaýar diýip, belledi.

Malinowskaýa şeýle-de doly garaňkylykda ýatmagyň peýdalydygyny nygtady, munuň üçin otagyň penjiresine ýagtylyk geçirmeýän tutulary germek oňaýly bolar.

Ýene degişli makalalar

Çärýek finalda çekeleşikli duşuşyklar garaşýar
Iki goňşy 1/8 finala çykdy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi beýanat bilen çykyş etdi
Türkmen Saglyk ministrligi rus neşirinde ýurtdaky poliomiýelit bilen bagly ýagdaýlaryň “ýoýulyp görkezilýändigini” aýdýar
Kosowanyň wekili Krasniki dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynda altyn medal gazandy
Malide ýurdyň Prezidenti Goita garşy pyçakly hüjüm guramak islän adam ýogaldy
Türkiýe Mali döwletine gynanç bildirdi