/* custom css */ .td_uid_19_60cc8cf5af4ae_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60cc8cf5af4ae_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Ýewropa çempionatynyň 7-nji gününde oýnalan oýunlardan soň ýene-de 2 ýygyndy 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazandy. “B” toparçada Daniýanyň ýygyndysyny 2-1 hasabynda ýeňen Belgiýanyň ýygyndysy ikinji tapgyra çykmagy başardy. 2-nji minutda Ýussuf Poulseniň goly bilen öňe saýlanan danlar 2-nji ýarymda garşydaşynyň güýçli oýunçylarynyň oýna girmeginden soň ýeňlişe alaç tapyp bilmedi. Ýeri gelende aýtsak, Poulseniň geçiren goly (1 minut 39 sekunt) çempionatyň taryhynda derwezä urlan iň çalt 2-nji gol hökmünde hasaba alyndy.
Belgiýa ýeňiş getiren gollary 55-nji minutda ikinji ýarymda oýna giren De Bruýneniň pasyndan soň Torgan Hazard hem-de 70-nji minutda uzakdan batly urgy bilen De Bruýne öz atlaryna ýazdyrdylar. “C” toparçada Niderlandlaryň ýygyndysy Awstriýanyň Memfis Depaý we Denzel Dumfrisiň gollary bilen 2-0 ýeňip, utugyny 6-a çykardy we 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazandy.
Toparçanyň beýleki oýnunda Ukrainanyň milli ýygyndysy Demirgazyk Makedoniýanyň ýygyndysyny 2-1 hasabynda utup, ilkinji 3 utugyny gazandy.Ukrainleriň gollaryny Andreý Ýarmolenko bilen Roman Ýaremçuk derwezä girizdi.Olar 1-nji duşuşykda-da tapawutlanypdylar.
Makedonlaryň ýeke-täk goluny bolsa uran penalti urgusynda derwezeçiden yzyna gaýdan topy tora girizen Ezgjan Alioski öz adyna ýazdyrdy.Oýnuň 78-nji minutynda Ukrainanyň ýyldyz oýunçysy Ruslan Malinowski penaltini dürs urup bilmedi.
