UEFA ýylyň toparyny mälim etdi, Ronaldo 15-nji gezek saýlandy

2001-nji ýyldan bäri her ýyl UEFA janköýerleriň ses bermegi esasynda ýylyň simwolik ýygyndysy saýlandy. Ýylyň toparynyň derwezeçisi Manuel Noýer boldy.Umumylykda “Bawariýadan” 6 futbolçy bolup, olaryň biri, has takygy, Tiago Alkantara transfer möwsüminde “Liwerpula” geçdi.

Goragda Serhio Ramos, Wirgil Wan Deýk, Alfonso Dewies, Ýoşua Kimmih, ýarymgoragda Tiago Alkantara, Kewin De Bruýne, Lionel Messi, hüjümde Kristiano Ronaldo, Robert Lewandowski hem-de Neýmar janköýerler tarapyndan saýlandy.

Ronaldo 15-nji gezek bu topara saýlanyp, bu ugurda öz rekordyny ösdürdi.Messi 12-nji, Ramos 9-njy sapar sanawa girmegi başardy.

The post UEFA ýylyň toparyny mälim etdi, Ronaldo 15-nji gezek saýlandy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...
ÝEKE ÖZI BIR TOPARA DEGÝÄR
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
UEFA 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysyny düzdi