UEFA 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysyny düzdi

UEFA 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysyny düzdi

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) 2020-nji ýylyň jemleri boýunça düzülen simwoliki ýygynda goşulan oýunçylary mälim etdi. Bu barada profile.ru habar berdi.

Sanawa goşulan türgenleriň köpüsi Germaniýanyň "Bawariýa" klubuna wekilçilik edýär.Doly sanaw guramanyň web sahypasynda çap edildi. Şeýlelik bilen, "Bawariýadan" ýylyň ýygyndysyna goragçylar Ýozua Kimmih, Alfonso Dewis, ýarymgoragçy Tiago Alkantara (geçen güýzde "Liwerpul"-a geçdi), derwezeban Manuel Noýer we hüjümçi Robert Lewandowski goşuldy.

Sanawda "Liwerpul"-dan goragçy Wirjil wan Deýk we "Real"-dan Serhio Ramos bar. "Barselona"-ly Lionel Messi we "Mançester Siti"-den Kewin de Bruýn sanawa ýarymgoragçy hökmünde goşuldy.Hüjümçileriň pozisiýasynda Madridiň "Real"-yndan Kriştianu Ronaldu bilen "PSŽ"-den Neýmar ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

ÝEKE ÖZI BIR TOPARA DEGÝÄR
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Lewandowski, Ronaldu we Messi FIFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilýär
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi