Messi FIFA 21-de 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysyna "sygmady"

Messi FIFA 21-de 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysyna "sygmady"

“EA Sports” özüniň Twitter sahypasynda FIFA 21-däki 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysyny tanyşdyrdy. Onda bu gezek "Barselonanyň" ýyldyzy Lionel Messä ýer tapylmady diýip, championat.com habar berdi.

FIFA 21-de 2020-nji ýylyň simwolik ýygyndysy: Manuel Noýer ("Bawariýa") Alfonso Dewis ("Bawariýa") Serhio Ramos (Madridiň "Realy") Wirjil wan Deýk ("Liwerpul") Trent Aleksander-Arnold ("Liwerpul") Brunu Fernandeş ("Mançester Ýunaýted") Kewin De Bruýn ("Mançester Siti") Ýozua Kimmih ("Bawariýa") Kriştianu Ronaldu ("Ýuwentus") Robert Lewandowski ("Bawariýa") Kilian Mbappe ("Pari Sen-Žermen") Dalaşgärleriň sanawyna jemi 70 oýunçy girdi. Ýylyň simwolik ýygyndysy ses bermek arkaly düzüldi.

Oňa girmegi başaran oýunçylar ýörite kartoçkalary alarlar.Goşmaça 12-nji oýunçy aýratyn ses bermek arkaly saýlanar.

Ýene degişli makalalar

“The Best FIFA Awards 2025”-iň ýeňijileri mälim edildi
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Lewandowski, Ronaldu we Messi FIFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgär görkezilýär
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi