Lukman tomsuna galstuk dakynmagyň howpy barada gürrüň berdi

Lukman tomsuna galstuk dakynmagyň howpy barada gürrüň berdi

Russiýaly kardiolog-lukman Wladmir Horoşew galstuk dakynmagyň tomus paslynda howpludygy barada duýdurdy. Onuň sözlerine görä, güýçli dartylan galstuk gan aýlanyşyny kynlaşdyrýar we munuň insulta (beýnä gan inme) getirmegi-de daşda däl. Bu barada Sputnik radiosy habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

Eger möhüm çäreleriň öňünde galstugy güýçli dartdyryp dakynsaň, munuň ýaramaz netijelere getirmegi mümkin. Adamyň beýnisine barýan arterial gan damarlarynda gan aýlanyşygy ýaramazlaşýar we wena damaryndan ganyň beýniden ýürege akmagy daşda däl diýip, hünärmen düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, galstuk boýundaky wena damarlary ýeňilräk gysanda-da, kelle gan köp barar.

Netijede, diňe kellagyry däl, eýsem, insultyň ýüze çykmagy mümkin diýip, Horoşew düşündirdi.

Ol yssy howada ganyň has şepbeşik bolýandygyny we galstuk dakynmagyň şeýle şertlerde tromblaryň döremegine eltip biljekdigini sözüniň üstüne goşdy. Şonuň üçin lukman mümkingadar tomsuna galstuk dakynmazlygy ýa-da möhüm çäre tamamlanan dessine ony aýyrmagy maslahat berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik...
Müsür syýahatçylar üçin COVID-çäklendirmeleriň ählisini ýatyrdy
ABŞ-nyň ýadro meselesindäki çykyşy boýunça Hytaýyň pozisiýasy
Şinzo Abe terrorçylykly hüjüme gabat geldi
21-nji iýulda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçiriler
Yssy howa awtoulaga nähili zyýan ýetirip biler