Yssy howa awtoulaga nähili zyýan ýetirip biler

Yssy howa awtoulaga nähili zyýan ýetirip biler

Yssy howa demir atymyza ýaramaz täsirini ýetirip biler. Moskwanyň Awtoulag-ýol döwlet tehniki uniwersitetiniň (MADI) "Awtomobil ulagynyň ekspluatasiýasy we awtohyzmat" kafedrasynyň dosenti Lew Zimanowyň sözlerine görä, 30 dereje yssy howada ulagy nädogry ulanmak hereketlendirijini hatardan çykaryp biler diýip, Sputnik radiosy habar berýär.

Elbetde, ulaglar ýasalanda olar dürli howa şertlerinde işlemäge ýaramly edilip döredilýär. Şol sanda ýokary temperatura hem çydamly bolýar. Ýöne, mysal üçin, onuň sowadyş ulgamynda näsazlyk bar bolsa, onda yssynyň täsiri bilen çynlakaý kynçylyklaryň ýüze çykmagy mümkin.

Şeýle-de, ol ulagy gaty sürmegi, aýratynam yssy howada ýokary tizlikde sürmegi maslahat bermeýär. Şonuň ýaly ýagdaýlarda ýagyň şepbeşikligi peselýär, bu bolsa hereketlendirijiniň tiz sandan çykmagyna getirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy strategik...
Lukman tomsuna galstuk dakynmagyň howpy barada gürrüň berdi
Müsür syýahatçylar üçin COVID-çäklendirmeleriň ählisini ýatyrdy
ABŞ-nyň ýadro meselesindäki çykyşy boýunça Hytaýyň pozisiýasy
Şinzo Abe terrorçylykly hüjüme gabat geldi
21-nji iýulda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçiriler