Lýuks derejeli german awtoulaglarynyň nyrhy ýokarlandy

Lýuks derejeli german awtoulaglarynyň nyrhy ýokarlandy

Lýuks derejeli german awtoulaglarynyň bahasy 2021-nji ýylda rekord derejä çykdy, muňa ýarymgeçirijileriň üpjünçiliginiň gymmatlamagy we sarp edijileriň islegleriniň artmagy sebäp boldy. Bu barada Stifel bankynyň barlaglaryna esaslanyp, Financial Times gazeti habar berýär.

Netijede, BMW, Audi (Volkswagen AG konsernine girýär) we Mercedes-Benz (Daimler AG konserniniň şahamçasy) kompaniýalarynyň girdejileri artyp, her bir satylan awtoulagyň bahasy 2019-njy ýyldakydan çärýek esse gymmatlady.

Emma soňky iki ýylda german awtoulag önümçiliginiň möçberi görnetin azaldy, 2021-nji ýylda bolsa awtoulag gytlygy 4 milliona deň boldy.

Ätiýaçlyk gorlary üç ýyllap teklipleriň çäkli bolmagynyň hasabyna kemeldi, biz beýle ýagdaýa duçar bolup göremzok diýip, bazary öwreniji Daniel Şwars gürrüň berýär.

Mysal üçin, Mercedes-Benz kompaniýasynyň satuwdan gelen maýasy 2021-nji ýylyň üçüçnji çärýeginde bir öndürilen awtoulag üçin 54 müň ýewrodan hem artdy, bu görkeziji 2019-njy ýylda 38 müň ýewro bolupdy. Audi hem bu görkezijini 46 müň ýewro bolmagyndan 57,5 müň ýewro çenli ýokarlandyrdy.

BMW öndürijisi bäsdeşlerine garanda, mikrogurluşlaryň ýetmezçiliginden has oňyn baş alyp çykandygyna garamazdan, ösüşiň pes derejesini gazandy, onuň önümleri azaldy hem-de öň bir ulag üçin 36 müň ýewro girdejiniň ýerine bary-ýogy 38 müň ýewro çenli ösüş görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä Banky dünýä jemgyýetçiligini Afrika üns bermäge çagyrdy
Hindistanda ýoly tiz gurmak babatda dünýä rekordy täzelendi
Bill Geýts täze gurama döretmegi teklip etdi
Meta öz wirtual walýutasyny döretmek isleýär
Britaniýada kriptopul bankomatlary ýapylar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegine 30 ýyl boldy