M.Bäşimowa Dominikan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

M.Bäşimowa Dominikan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana iş sapary bilen gelen, Dominikan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Elwis Antonio Alam Lora bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň başynda ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Bäşimowa ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda gatnaşyklary berkitmekde üstünlikler arzuw etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplaryň halkara giňişliginde, şol sanda BMG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn konstruktiw dialoga ygrarlydyklary, şeýle hem, bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga gönükdirilen parahatçylyk söýüji başlangyçlaryň we taslamalaryň özara goldanylmagynyň zerurdygy bellenildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin dürli derejelerdäki saparlary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şeýle-de, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigi boýunça teklipler beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

8 milliardynjy çaga dünýä indi
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Syýahatçylar saýlady: iň meşhur ýerler
Dominikanly 24 gün açyk ummanda galdy
Mejlisiň Başlygy Dominikan Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Awokado nirede ösdürilip ýetişdirilýär?