Syýahatçylar saýlady: iň meşhur ýerler

Tripadvisor onlaýn syýahatçylyk kompaniýasy ýylyň iň meşhur ýerleriniň sanawyny mälim etdi.Syýahatçylaryň ses bermegi bilen dünýäniň iň halanýan ýerleriniň atlary mälim edildi.Sanaw 2021-nji ýylyň noýabryndan 2022-nji ýylyň oktýabry aralygynda, 12 aýyň dowamynda syýahatçylaryň myhmanhana, restoran we güýmenje ýerleri üçin beren bahalary göz öňünde tutulyp taýýarlandy.

Dünýäniň iň meşhur ýerleriniň arasynda Dubaý (BAE), Bali (Indoneziýa), London (Angliýa), Rim (Italiýa) we Pariž (Fransiýa) öňdäki orunlary eýeleýär.Kankun (Meksika), Krit (Gresiýa), Marrakeş (Marokko), Dominikan Respublikasy we Stambul (Türkiýe) ilkinji onluga giripdir.

Sanawa 25 ýer girizilipdir.

Mahym GAITNAZAROWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

8 milliardynjy çaga dünýä indi
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Dominikanly 24 gün açyk ummanda galdy
Mejlisiň Başlygy Dominikan Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
M.Bäşimowa Dominikan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy
Awokado nirede ösdürilip ýetişdirilýär?