Mähirli Zenan gözelligiň muşdaklaryny TSSE-de geçýän sergidäki moda görkezilişine çagyrýar

Mähirli Zenan gözelligiň muşdaklaryny TSSE-de geçýän sergidäki moda görkezilişine çagyrýar

17-nji martda Mähirli Zenan modalar öýi Nar atlandyrylýan täze lybas kolleksiýasyny tanyşdyrar. Bu tanyşdyryş Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän köpugurly serginiň çäklerinde guralýar.

Mähirli Zenanyň täze kolleksiýasy kaşaň äheňde bolup, özünde milli däp-dessurlary jemleýär. Onda tebigy ýüpekden we mahmaldan tikilen köýnekler, el keşdesi bilen bezelen milli donlar hem-de ýaglyklar bar.

Nar — bu zenan dünýäsiniň we gözelliginiň waspydyr. Oýlanyşykly tikinçilik usulynyň we özboluşly aýratynlyklarynyň bolmagy Mähirli Zenanyň lybaslarynda her bir zenanyň özüne ynamly duýmagyna ýardam edýär.

Haýran galdyryjy lybaslaryň jemlenen moda görkezilişinden başga-da, Mähirli Zenan sizi sergide öz pawilionyna baryp görmäge çagyrýar. Bu ýerde türkmen däp-dessurlarynyň baýlygy we häzirki zaman tendensiýalary bir bitewi utgaşdyrylan özboluşly stillerde beýanyny tapýar.

Ýene degişli makalalar

Mähirli gutlag
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabadyň Mähirli Zenan gözellik salony iş orunlary hakynda habar berýär
DOST DOGANLYK NYŞANY
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
TÜRKMENISTANYŇ WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKI TARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR