Mähirli Zenan hususy kärhanasy tikinçilik hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýar

Mähirli Zenan hususy kärhanasy tikinçilik hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýar

Milli äheňdäki owadan zenan lybaslaryny hödürleýän Mähirli Zenan hususy kärhanasy 25-nji noýabrda ussat tikinçileriň arasynda geçirilýän Zenan kalbyndan dörän nepislik atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Aşgabat şäher zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilýän hünär bäsleşiginiň Köpetdag etrap tapgyrynda Mähirli Zenan kärhanasynyň tikinçileri birinji orna mynasyp boldular. Bu tapgyra şeýle-de Aýläle hem-de Çaňňa tikinçilik öýleriniň tikinçi zenanlary, Köpetdag etrap zenanlar bölüminiň işjeň agzasy Gülälek Babakulowa dagy gatnaşdy.

Aşgabat şäheriniň iň tejribeli tikinçilerini bir ýere jemleýän bu bäsleşigiň birnäçe şertleri bolup, oňa gatnaşyjylar ýaryşyň dowamynda asylly kärlerinde ajaýyp zenan lybaslaryny döretmekde alyp barýan işlerini wasp etmek, gyzjagaz ýa-da oglanjyk üçin milli köýnek tikmek, milli gymmatlyk bolan lybaslary çeper sözde wasp etmek ýaly başarnyklar boýunça bäsleşýärler.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk baýramy — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän Zenan kalbyndan dörän nepislik atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 25-nji noýabrda bolar. Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da türkmen milli lybaslarynyň moda görkezilişi geçiriler
Mähirli Zenan döwrebap lybaslaryna arzanladyş yglan etdi
Aşgabadyň haýwanat bagynda tomus möwsümi dowam edýär, Onlaýn taksi mobil goşundysynyň ulanyjylary 15 müňden geçdi, Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 78 000 tonna pomidor eksport etdi we beýleki habarlar
Mähirli Zenan dükanynda baýramçylyk arzanladyşlary dowam edýär
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabadyň Mähirli Zenan gözellik salony iş orunlary hakynda habar berýär