“Mähirli zenan” hususy kärhanasy ABŞ-da geçiriljek moda görkezilişinde türkmen milli modasyny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Bu görkeziliş medeni gatnaşyklary berkitmekde hem-de türkmen sungatyny dünýä derejesinde wagyz etmekde nobatdaky ädim bolar. Çäräniň maksady türkmen halkynyň baý mirasyny we gaýtalanmajak el iş ussatlygyny dünýä tanatmakdyr.
“Däp-dessur sapaklary” atly taslamanyň esasy maksady — Türkmenistanyň milli medeniýetini we däplerini häzirki zaman döredijilik görnüşleri hem-de halkara medeni gepleşigi arkaly görkezmekdir.
ABŞ-da geçiriljek görkezilişi guramak başlangyjyna “FCGroup LLC” kompaniýasynyň prezidenti Akseniýa Krupenko gyzyklanma bildirdi. Medeni diplomatiýa we myhmançylyk pudagynda işleýän bu gurama türkmen medeniýetini moda arkaly ösdürmek baradaky pikiri goldady. Taslama möhüm goldawy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hem berdi.
2019-njy ýylda Aýna Durdylyýewa tarapyndan esaslandyrylan “Mähirli zenan” kärhanasy halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär hem-de Türkmenistany abraýly moda sahnalarynda we halkara çärelerinde mynasyp derejede görkezýär. "Mähirli zenan" mundan ozal Russiýada geçirilen “BRICS Fashion”, Pariždäki “Oriental Fashion Show” moda görkezilişinde we beýleki iri moda çarelerinde çykyş etdi.