Mähirli Zenan täze güýzki egin-eşik toplumyny hödürleýär

Mähirli Zenan täze güýzki egin-eşik toplumyny hödürleýär

Mähirli Zenan türkmen kompaniýasy ýurduň baş baýramçylygynyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda agşamky we gündelik geýimleriň täze güýzki toplumyny hödürleýär.

Özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen umumy stilistikada taýýarlanan zenan geýimleri türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýär.

Baýramçylyk toplumynda mahmal, keteni we bir reňkli matalar peýdalanylypdyr. Her bir lybas, şol sanda köýnekler we abaýlar (gündogara mahsus donlar), žiletler, ýaglyklar we ýapynjalar gadymy görnüşler boýunça döredilen hakyky el işi nagyşlary bilen bezelendir. Ýaş modaçylar hem ünsden düşürilmändir, olar üçin owadan we rahat geýimler taýýarlanyldy.

Ýatlatsak, täze toplumyň görkezilişi 7-nji sentýabrda Gül Zemin söwda-dynç alyş merkezinde, Aşgabatda geçirilen Moda hepdeligi 2022-niň çäklerinde guralypdy. Mähirli Zenanyň modelleri eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp bolup, Konseptual dizaýn ugry boýunça ýeňiji boldular.

Mähirli Zenanyň täze toplumynyň egin-eşiklerini kompaniýanyň Bagtyýarlyk SDAM-de ýerleşýän ýöriteleşdirilen dükanyndan satyn alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da türkmen milli lybaslarynyň moda görkezilişi geçiriler
Mähirli Zenan döwrebap lybaslaryna arzanladyş yglan etdi
Aşgabadyň haýwanat bagynda tomus möwsümi dowam edýär, Onlaýn taksi mobil goşundysynyň ulanyjylary 15 müňden geçdi, Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 78 000 tonna pomidor eksport etdi we beýleki habarlar
Mähirli Zenan dükanynda baýramçylyk arzanladyşlary dowam edýär
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabadyň Mähirli Zenan gözellik salony iş orunlary hakynda habar berýär
DOST DOGANLYK NYŞANY