Aşgabatdaky Moda hepdeligi Mähirli Zenanyň lybaslarynyň görkezilişi bilen tamamlandy

Aşgabatdaky Moda hepdeligi Mähirli Zenanyň lybaslarynyň görkezilişi bilen tamamlandy

Aşgabatda ýerleşýän Gül Zemin söwda-dynç alyş merkezinde Aşgabat — dizaýn şäherim atly taslamanyň çäklerinde geçirilen Moda hepdeligi — 2022 moda tanyşdyryşynyň jemleýji tapgyry boldy. Hepdeligiň ahyrky gününde Mähirli Zenan kompaniýasy döredijilikli ýerine ýetirilen lybaslaryny tanyşdyrdy.

Mähirli Zenanyň dizaýnerleriniň we hünärmenleriniň döreden lybaslary häzire çenli Aşgabat şäherinde hem-de daşary ýurtlarda geçirilen moda tanyşdyryşlarynda tomaşaçylarda ajaýyp aýratynlyklary bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp gelýär. Moda hepdeligi — 2022 hem kompaniýanyň täzeliklerini ýaýmak üçin nobatdaky çäre boldy.

Görkezme sahnasynda kompaniýanyň ýerine ýetiren milli äheňdäki lybaslary, gündelik we agşam dabaralary üçin niýetlenen zenan egin-eşikleri, ýaglyklary we çabytlary, keteniden hem-de mahmaldan tikilen, gadymy milli nagyşlar bilen bezelen üstki lybaslary köpçüligiň dykgatyna ýetirildi. Moda tanyşdyryşynda ýaş modaçylar bolsa kompaniýanyň kiçi ýaşlylar üçin tikýän dürli hili lybaslaryny görkezdiler.

Aýratyn-da, Mähirli Zenanyň täze güýzki lybaslar kolleksiýasyndan özüniň gözellik terbiýesine kybaplygy, milli aýratynlygy, kaşaňlygy, reňk sazlaşyklylygy we inçe duýgy döredijiligi bilen tapawutlanýan lybaslary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da türkmen milli lybaslarynyň moda görkezilişi geçiriler
Mähirli Zenan döwrebap lybaslaryna arzanladyş yglan etdi
Aşgabadyň haýwanat bagynda tomus möwsümi dowam edýär, Onlaýn taksi mobil goşundysynyň ulanyjylary 15 müňden geçdi, Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 78 000 tonna pomidor eksport etdi we beýleki habarlar
Mähirli Zenan dükanynda baýramçylyk arzanladyşlary dowam edýär
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabadyň Mähirli Zenan gözellik salony iş orunlary hakynda habar berýär
DOST DOGANLYK NYŞANY