Mähirli Zenanyň lybaslary Daşkent seýilgähiniň açylyş dabarasyna bezeg berdi

Mähirli Zenanyň lybaslary Daşkent seýilgähiniň açylyş dabarasyna bezeg berdi

Mähirli Zenan hususy kärhanasy Daşkent seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşan çagalar üçin özbek milli lybaslaryny taýýarlamak boýunça sargydy üstünlikli ýerine ýetirdi.

Aşgabatdaky türkmen we özbek halklarynyň mäkäm dost-doganlyk baglanyşygyny alamatlandyrýan täze dynç alyş seýilgähi şu ýylyň 21-nji oktýabrynda iki ýurduň Liderleriniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanda resmi saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda açyldy. Mähirli Zenanyň hünärmenleri tarapyndan uly mähir we söýgi bilen döredilen ýaşajyk artistleriň lybaslary bolsa dostluk baýramçylygynyň maksatnamasynyň bezegine öwrüldi.

Ýatlatsak, zenanlar we erkekler üçin milli egin-eşikleriň döwrebap görnüşlerini döretmek bilen bir hatarda, Mähirli Zenan döwlet baýramçylyklarynyň çäreleri üçin lybaslary, çagalar we ýetginjekler üçin rahat trikotaž geýimleri, ýurdumyzyň dürli edaralarynyň sargytlary boýunça ýörite lybaslary taýýarlamak bilen meşgullanýar.

Mähirli Zenan milli baýramçylyk däp-dessurlaryny giňden ýaýratmak maksady bilen, özboluşly saçaklary we gelinleriň halatlary üçin owadan bezegleri bukjalary hem taýýarlaýar.

Mähirli Zenan döwrebap egin-eşik dükanynyň Bagtyýarlyk söwda-dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da türkmen milli lybaslarynyň moda görkezilişi geçiriler
Mähirli Zenan döwrebap lybaslaryna arzanladyş yglan etdi
Aşgabadyň haýwanat bagynda tomus möwsümi dowam edýär, Onlaýn taksi mobil goşundysynyň ulanyjylary 15 müňden geçdi, Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 78 000 tonna pomidor eksport etdi we beýleki habarlar
Mähirli Zenan dükanynda baýramçylyk arzanladyşlary dowam edýär
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabadyň Mähirli Zenan gözellik salony iş orunlary hakynda habar berýär
DOST DOGANLYK NYŞANY