Magtymguly öwüt bergil söz bilen

Magtymguly öwüt bergil söz bilen

Ýakynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Miras teleýaýlymy, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we ylmy işgärleri bilen bilelikde Beýik Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň halk aýdym-saz sungatymyzyň, milli medeniýetimiziň ösüşine ýetiren täsirleri dogrusynda aýdym-sazly gepleşik taýynladylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli söz ussadynyň goşgularyndan düzülen Il ýagşy, Delalat ýagşy, Ýoluksa, Döwleti, maly bolmasa birnäçe halk aýdymlary Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän Çalsana, bagşy!

bäsleşiginiň ýeňijisi Bagşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde Gözel sen, Dert boldy, Aýrylma ýaly birnäçe halk aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.Türkmenistanyň halk artisti ussat sazanda Ýagmyr Nurgeldiýewiň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden Pyragy atly sazyny ýokary okuw mekdebimiziň dutar mugallymy Işanmuhammet Gündogdyýew ezberlik bilen ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar
Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň hepdeligi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň halk bagşysy Patyşaguly Girmanow (1933-2012)
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe prokurorlary wezipä belledi we boşatdy