Magtymguly Pyragy ruhy dünýäň çyragy

Magtymguly Pyragy  ruhy dünýäň çyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly Pyragy ruhy dünýäň çyragy ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy il-ýurduny ýürekden söýen, hemişe halkyň aladasy bilen ýaşan beýik şahsyýetdigi, onuň pähim-paýhasa baý şygyrlarynda adamyň at-abraýynyň ata Watanynyň, il-gününiň öňünde bitirýän hyzmatyna, goýýan gadyr-gymmatyna baglydygyny ussatlyk bilen beýan etmegi, şeýle-de şahyryň tutuş adamzada bähbitli ýörelgesi diňe bir ýaşan döwründe ähmiýetli bolmak bilen çäklenmän, eýsem ähli eýýamlar üçinem gymmatly hazyna hasaplanylýanlygy barada talyp ýaşlaryň arasynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Ýene degişli makalalar

Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy bellenildi
14-16-njy noýabr aralygynda teatrlarda görkeziljek oýunlar
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň uly göwrümli, täze edebi eserleri çapdan çykdy
Şagulyýewanyň 85 ýyllyk ýubileýi edebiýatda dörän 35 ýyllyk boşluga ünsi çekdi
"Il üçin dogrupdyň, düşün ahyry..."
Moskwada geçirilen halkara onlaýn festiwal-bäsleşiginde türkmenistanly operaçy birinji orny eýeledi
Nowruz geldi bu bagtyýar diýara