Nowruz geldi bu bagtyýar diýara

Nowruz geldi bu bagtyýar diýara

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda Nowruz geldi bu bagtyýar diýara ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmeniň akyldar şahyry, beýik söz ussady, Magtymguly Pyragynyň hem döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýän Nowruz baradaky dürdäne setirleri kalbyňa şugla saçýar, ynsan kalbyny joşa getirýän Nowruzyň şatlykly pursatlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bereket çeşmesi, ylham nury, kalplarymyza gözellik dünýäsi bolup çaýylýar diýip belläp geçdiler. Şeýle-de älem jahanyň röwşen reňklere beslenen günlerinde Milli bahar baýramy halkymyz uly dabara bilen giňden bellenilip geçirilýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY
Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy mizemez mukaddeslik
Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
“Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag”
Sähra tikinçilik öýüniň tikinçileri türkmen milli äheňindäki ajaýyp lybaslary döredýärler
Sähra tikinçilik dükany milli nusgada lybaslary tikmek üçin dürli görnüşli matalary hödürleýär