Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi

9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi.

Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly döredilip, bu ýubileý medaly hakynda Düzgünnama hem-de ýubileý medalynyň Ýazgysy tassyklandy.

Kanun şu gün --- 10-njy fewralda merkezi metbugat neşirlerinde (Türkmenistan we Нейтральный Туркменистан gazetlerinde) çap edilip, resmi taýdan herekete girizildi.

Aşakda täze ýubileý medaly hakynda merkezi metbugat neşirlerinde (Türkmenistan we Нейтральный Туркменистан gazetlerinde) çap edilen Düzgünnama hem-de ýubileý medalynyň Ýazgysy bilen tanşyp bilersiňiz!

Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýär.

2. Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen:

ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde bitiren uly hyzmatlary;

Türkmenistanyň milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglary, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary;

ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda ajaýyp döredijilik üstünlikleri, ýokary ussatlygy, türkmen halkynyň dünýä halklarynyň medeniýetiniň genji-hazynasyna giren ruhy gymmatlyklaryny, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýanyny tapan, türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda goşan uly şahsy goşantlary we çeken önjeýli zähmetleri;

ösüp gelýän ýaş nesli türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren uly hyzmatlary;

Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

3. Türkmenistan bilen medeni we beýleki dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde aýratyn hyzmatlary görkezen daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hem Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglanylyp bilner.

4. Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medalyna mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanylýar.

5. Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglanylan adamlara Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medalynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly burçlary ýitileşdirilen, gyrasyna altyn çaýylan sekizburçluk görnüşinde ýasalan. Medalyň burçlarynyň arasy altyn çaýylan we ýaşyl reňk bilen syrçalanan uçly ýarym aýlaw bilen birikdirilen. Medalyň umumy diametri 44,3 mm.

Sekizburçlugyň milli nagyş bilen bezelen her burçunda bir göwher daşy bar. Medalyň daşky tegeleginiň daşynda sekiz sany kiçi ölçegli göwher daşy ýerleşdirilen. Daşky tegelegiň içinde, ýokarky bölekde ak reňk bilen syrçalanan MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA diýen ýazgy, aşaky böleginde bäş sany türkmen haly gölüniň şekilleri we iki sany göwher daşy ýerleşdirilen.

Medalyň diametri 27,6 mm bolan altyn çaýylan içki tegeleginiň merkezinde Gün şöhleleri, üstünde Magtymguly Pyragynyň eline kitap alyp duran şekili we onuň sag tarapynda milli ýazuw esbaplary, çep tarapynda bolsa dikligine bäş sany türkmen haly gölüniň güberçek görnüşdäki şekilleri ýerleşdirilen. Tegelegiň aşaky böleginde iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun baldajyklary şekillendirilen.

Medal halkajyklar arkaly beýikligi 16,2 mm, ini 30 mm bolan gönüburçly daşy altyn çaýylan bezeg bilen jäheklenen ýaşyl reňkli syrçaly kolodka birleşdirilen. Kolodka Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny aňladýan şekil görnüşinde syrçalanyp ýerine ýetirilen.

Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalan.

Kolodkanyň arka tarapynda medaly geýime dakmak üçin ildirgiç bar.

Ýene degişli makalalar

Ýasemin Adar we Ahmet Duman Altyn Medal Aldy
Parižde Rasizm we Yslam Garşydaşlygy Protest Edildi
Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Çakdanaşa semizligiň esasy sebäpkäri tapyldy
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Hindistanda geçirilýän Aziýanyň çempionatynda häzire çenli dört medal gazandylar
ABŞ Ukrain Uçarmanlaryna F-16 Boýunça Tälim Boýunça Gyssagly Hereket Eder