“Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly festiwaly

“Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly festiwaly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda toýlar toýlara, baýramlar baýramlara ulaşýar. Ynha, bu günki günde hem bagşylaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMKnyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly festiwaly we “Türkmenistan ÝUNESKO Magtymguly Pyragy umumadamzat şahyry ” atly maslahaty geçirildi.

Şol festiwalda has hem “Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar” atly temasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky TMKnyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň mugallymlary Serdar Baýramow, Şöhrat Mededow, Şäher Täçew, Meýlis Goçmyradow we şol bölümiň talyplary Sahydursun Mätiýewa, Bereket Amanow dagylar çykyş etdiler. Olar özleriniň ajaýyp eserlerini joşgunly ýerine ýetirdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şeýle ajaýyp festiwalyň geçirilmegi Gündogaryň Beýik akyldar şahyry, dünýä ýüzüne belli bolan Magtymguly Pyragynyň goşgy, şygarlaryna aýdymlaryň döredilmegi barada we Pyragynyň “Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar” diýip Pyragynyň şygyrlaryndan döredilen aýdymyň geriminiň has hem giňeýänligi we öwüt-ündew, pelsepewi, çuň many-mazmunly nesil terbiýesinde uly orna eýeligi barada pikir alyşmasy bu sungatyň gülläp ösmegine, geljekde de akyldar şahyrymyzyň şygarlaryna döredilýän aýdymlaryň geriminiň giňemegine alyp barar. Şeýle festiwallaryň geçirilmegi sungat işgärleriniň pikir alyşmagy tejribesiniň has hem artmagyna we gülläp ösmegine alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Hally bagşynyň doglan gününiň 165-ýyllygy
Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi
Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň sergisi geçirildi
Bitaraplyk bagtyň baky bahary atly sergi geçiriler