Bitaraplyk bagtyň baky bahary atly sergi geçiriler

Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi bilen Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Bitaraplyk bagtyň baky bahary atly sergi geçiriýär.

Bu sergä Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, halypa mugallymlar we ýaş zehinli suratkeşleriň 77-den gowragy nakgaş, keramika, grafika, gobelen ýaly sungat ugurlary boýunça öz eserleri bilen gatnaşýar. Eserleriň mowzugy giň gerimli bolup, eziz Watanymyzyň gözel tebigatyny, şöhratly taryhymyzy, abadan parahat ýurdumyzy, gündelik durmuşymyzdaky wakalary çeper suratlandyrylýar.

Olardan Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Saparmämmet Meredowyň Çopan oglanlar, Parahat asman, Geçmişden şu güni, Çeşme çemenlikleri, Biziň şäherimiz, Meniň topragym, Çölde; Meret Gylyjowyň Joşgun; Gahryman Goçmyradowyň Näme sen; Orazgylyç Öwezowyň Peýzaž, Alma we gül, Natýumort, Gül çemeni, Güller we ir-iýmiş, Ak daglar; Anna Jumanyýazowyň Ýaşyl natýumort, Kädili natýumort, Giorgiýem natýumort; Polat Garryýewyň Ene; Aleksandr Kinýakinyň Bagşy ýaly eserleri sergide görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Bitaraplyk bagtyň baky bahary atly sergi geçiriler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň sergisi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
“Magtymguly sözlär tili türkmeniň” atly festiwaly
Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi