Magtymgulynyň döredijiligi ruhy dünýämiziň hazynasy ady bilen göçme kitap sergisi geçirildi

Magtymgulynyň döredijiligi  ruhy dünýämiziň hazynasy ady bilen göçme kitap sergisi geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Magtymgulynyň döredijiligi ruhy dünýämiziň hazynasy ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz nesihat çäresi geçirildi.

Çärede edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyk görülýändigi, şeýle-de söz ussady, türkmen halkynyň dana akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny, baý döredijiligini we nusgawy ömür ýoluny öwrenmek, onuň dünýä edebiýatyna goşan goşantlaryny dabaralandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Çäräniň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligi ruhy dünýämiziň hazynasy ady bilen göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Sergide Gündogaryň beýik söz ussady akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy hem-de şahyryň baý döredijilik älemine degişli eserler ýerleşdirildi. Bu geçirilen çäre talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Owazasy dünýä dolan bedewler
Magtymgulynyň eserleri eýýamlara şamçyrag
Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr
Gujagy ýeňişden doly, gadamy batly Täze ýyl! atly baýramçylyk dabarasy geçirildi
Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
“Magtymgulynyň edebi mirasy beýik ynsanperwerligiň gözbaşy”
“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir”