Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr

Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 85-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Dana Pyragynyň eserleri bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gurnalan sergä syn geçirildi.

Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleri we şol hakynda ýazylan ajaýyp kitaplar ýerleşdirildi we syn berildi. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň şygryýetinde watançylygy, mertligi, dostlugy ündeýän goşgular görnükli orny eýeleýär şol goşgularyň birnäçesini çäräniň dowamynda okap berildi.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň eserleri eýýamlara şamçyrag
Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
“Magtymgulynyň edebi mirasy beýik ynsanperwerligiň gözbaşy”
“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir”
Ýaşlar ligasy ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi
Ysraýyl Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmäge gyzyklanma bildirýär