Ýaşlar ligasy ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Ýaşlar ligasy ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 1-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Köpetdag, Altyn asyr, Aşgabat hem-de Ahal toparlarynyň ýaşlar düzümleri ýeňiş gazandylar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary 17-nji hem-de 18-nji aprelde geçiriler: Nebitçi-2 Şagadam-2, Energetik-2 Köpetdag-II, Arkadag-2 Merw-2, Ahal-2 Altyn asyr-2.

1-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

Köpetdag-2 Şagadam 2 3:1

Gollar: 14 Röwşen Allaýew, 21 Jandurdy Jandurdyýew, 88 Bagtyýar Agabaýew 90+1 Yslam Täçweliýew.

Altyn asyr-2 Nebitçi-2 2:0

Gollar: 43 Abdyrahman Annamyradow, 90 Söhbet Durdyýew.

Merw-2 Aşgabat-2 0:2

Gollar: 64 Ysmaýyl Niýazberdiýew, 87 Aşyrgeldi Hojageldiýew.

Ahal-2 Energetik-2 4:0

Gollar: 3 Begenç Mämiýew, 5 Atageldi Täçmämmedow, 70 Mekan Ýazmyradow (öz derwezesine), 77 Daýanç Meredow.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmenistanly we eýranly zenan suratkeşleriň sergisi açyldy
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
“Magtymgulynyň edebi mirasy beýik ynsanperwerligiň gözbaşy”
“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir”
Ysraýyl Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmäge gyzyklanma bildirýär