Ysraýyl Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Ysraýyl Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi duşuşygyň başynda ministre ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

22-nji martda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki işiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlyk etmekde, şol sanda halkara başlangyçlary we teklipleri özara goldamakda oňyn tejribäniň bardygy beýan edildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň maksadalýykdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, söhbetdeşlikde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ileri tutulýan ugurlar hökmünde saglygy goraýyş we lukmançylyk, ylym-bilim ugurlary kesgitlenildi. Şol bir wagtda ysraýyl tarapy Türkmenistanda Ysraýylyň Medeniýet günlerini geçirmekde gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleri ösdürmek üçin tagallalary gaýgyrmajakdyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
“Ykbala baglanan sungat”
“Magtymgulynyň edebi mirasy beýik ynsanperwerligiň gözbaşy”
“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir”
Ýaşlar ligasy ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi
Türkmenabatda sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi