Mahaçew UFC ýaryşynyň çäginde Beneil Dariuş bilen söweşer

Mahaçew UFC ýaryşynyň çäginde Beneil Dariuş bilen söweşer

MMA-nyň russiýaly söweşijisi Yslam Mahaçew 2022-nji ýylyň 26-njy fewralynda UFC ýaryşynyň çäginde amerikaly Beneil Dariuş bilen söweşer. Bu barada ESPN MMA salgylanyp, ren.tv habar berýär.

Mahaçew bilen Dariuşyň arasyndaky söweş şol günki ýaryşyň esasy wakasyna öwrüler diýlip garaşylýar. Söweşiň geçiriljek ýeri entek belli däl. Şeýle-de bolsa, Mahaçew bilen Dariuş söweşe eýýäm razy boldular.

Ýatlap geçsek, Yslam Mahaçew 30-njy oktýabrda täze zelandiýaly Den Hukeri bir minutdanam az wagtyň içinde ýeňlişe sezewar edipdi. Mahaçew söweşden soň UFC-niň çempiony bolmak üçin iň güýçlüler bilen söweşmek isleýändigini aýdypdy.

Beneil Dariuş bolsa şu ýylyň maý aýynda UFC 262-de Toni Fergýusona garşy söweşde ýeňiş gazanypdy. Fergýuson köp agyr zarbalary sypdyrdy we söweşden soň hassahana düşdi.

Ýene degişli makalalar

Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar
Wolkanowskiý Mahaçýewiň garşydaşy boldy
Türkmenistanlylar, Eýran aladalarynyň arasynda, hereket azatlygy meselesini gozgaýarlar
Türkmen hökümetiniň goňşy Eýrandaky hüjümler barada dymmagy ilatda howatyrlanma döredýär
Salam, Dogan! 'Gizlin öýsüzligiň' jebrini çekýän 'köpelýär' (2-nji bölüm)