Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar

Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýolbaşçysy Dana Uaýt bilen Islam Mahaçewiň geljegi barada maslahatlaşandygyny beýan etdi. Russiýaly türgen ESPN MMA ýaýlymynda çykyş etdi.

33 ýaşly Nurmagomedowyň bellemegine görä, UFC Mahaçewi ýeňil agramda häzirki çempion Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Jastin Getjiniň tutluşygynyň ýeňijisi bilen çykarmak isleýär. Şeýlelikde, Uaýt Mahaçewi guşaga dalaş edip bilerlik derejede görýändigini aňlatdy.

Mahaçew Las-Wegasda geçirilen UFC ýaryşynda Bobbi Grinden üstün çykdy.Russiýaly türgen guramanyň çäginde dowamly ýeňişleriniň sanyny ona ýetirdi.Ilkibaşda Mahaçew Beneil Dariuş bilen söweşmelidi.Emma amerikaly türgen şikes alyp, söweşden ýüz öwürmeli boldy.

Oliweýra we Getji titul söweşini maý aýynda geçirer.Tutluşyk Braziliýada UFC-de geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy
Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Umar Nurmagomedow UFC bilen täze şertnama baglaşdy
MMA-nyň russiýaly pälwany Nurmagomedow UFC 272-de amerikaly Kelleheri ýeňdi
Nurmagomedow Porýeni öz promouşenine çagyrdy
Gazaly Keselliler Türkiýä Getirilýär