Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy

Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy

Braziliýaly pälwan Çarlz Oliweýra UFC 274 turniriniň Las-Wegasda geçen baş başa-baş göreşinde amerikaly Jastin Getjini ýeňdi we ony ýeňil agramda çempionyň titulyna eýe bolmak mümkinçiliginden mahrum etdi.

Tutluşyk birinji raundda braziliýalynyň ýeňşi bilen tamamlandy.Oliweýra 2021-nji ýylyň maý aýynda amerikaly Maýkl Çendlerden üstün çykyp, ýeňil agramda çempionyň guşagyna eýe bolupdy.Ol, 2020-nji ýylda Getjini ýeňmek bilen öz karýerasyny soňlan russiýaly Habib Nurmagomedowdan soň, UFC-niň şu agramdaky ilkinji çempiony boldy.

Emma amerikaly türgen bilen göreşe çykmazynyň öňüsyrasynda Oliweýranyň agramy artyk gelip, öz titulyndan mahrum boldy-da, çempionyň guşagy eýesiz galdy.Indi 32 ýaşly braziliýalynyň hasabynda 33 ýeňiş we 8 ýeňliş bar, bir sany tutluşyk bolsa hasaba alynmady. 33 ýaşly Getjiniň 23 ýeňşi we 4 ýeňlişi bar.

Ýene degişli makalalar

Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Umar Nurmagomedow UFC bilen täze şertnama baglaşdy
Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
MMA-nyň russiýaly pälwany Nurmagomedow UFC 272-de amerikaly Kelleheri ýeňdi
Silc Sonic “Ýylyň aýdymy” nominasiýasynda Grammy baýragyny aldy