MMA-nyň russiýaly pälwany Nurmagomedow UFC 272-de amerikaly Kelleheri ýeňdi

MMA-nyň russiýaly pälwany Nurmagomedow UFC 272-de amerikaly Kelleheri ýeňdi

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) russiýaly pälwany Umar Nurmagomedow Las-Wegasda (ABŞ) liganyň 272 belgili turnirinde amerikaly Braýan Kelleherden üstün çykdy.

Tutluşyk ýarym ýeňil agramda geçdi we birinji tapgyrda demikdiriji usul bilen tamamlandy. UFC-niň eks-çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglany üçin bu ýeňiş UFC-daky ikinji we karýerasyndaky on dördünji ýeňiş boldy (2021 ýylyň ýanwarynda ol gazagystanly Sergeý Morozowy ikinji tapgyrda demikdiriji usul bilen ýeňipdi), rus türgeni ýeňlişiň nämedigini bilmeýär. Kelleheriň rekordy - 24 ýeňiş we 13 ýeňliş.

Ýene degişli makalalar

Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy
Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Umar Nurmagomedow UFC bilen täze şertnama baglaşdy
Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar
Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy
Habib Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalyna girizildi