Habib Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalyna girizildi

Habib Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalyna girizildi

Russiýanyň garyşyk başa-baş söweş boýunça 33 ýaşly pälwany we UFC-niň ýeňil agramdaky eks-çempiony Habib Nurmagomedow promouşeniň Şöhrat zalyna girizildi. Bu barada UFC-niň Instagram sahypasynda habar berilýär.

Bu waka UFC 272 turniriniň dowam edýän pursadynda bolup geçdi, şonda Umar Nurmagomedow birinji tapgyrda Braýan Kelleherden üstün geldi.UFC-niň Şöhrat zalynda aýratyn tapawutlanan türgenler bellige alynýar.

Oňa guramanyň we sportuň ösüşine ykbal çözüji täsirini ýetiren adamlaryň atlary girizilýär.Nurmagomedow UFC-niň Şöhrat zalynda Russiýanyň ilkinji wekili bolar. Ýadymyza salsak, Nurmagomedow karýerasynyň soňky söweşini 2020 ýylyň oktýabrynda geçiripdi, şonda UFC 254 turniriniň ikinji tapgyrynda "üçburçluk" demikdiriji usulyny ulanyp, Jastin Getjini ýeňipdi.

Söweşden soň russiýaly pälwan garyşyk başa-baş söweşdäki çykyşaryny tamamlamak kararyna gelendigini yglan edipdi.Onuň hasabynda MMA-da 29 tutluşykda 29 ýeňiş, şol sanda UFC-de 13 tutluşykda 13 ýeňiş bar.

Ýene degişli makalalar

Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi