Nurmagomedow Porýeni öz promouşenine çagyrdy

Nurmagomedow Porýeni öz promouşenine çagyrdy

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow Dastin Porýe, eger Absolýut söweş çempionatyndan (UFC) çyksa, özi bilen habarlaşmagy teklip etdi. Bu barada ESPN MMA habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

33 ýaşly Nurmagomedow Porýe Eagle FC promouşenine geçmegi teklip etmäge taýýardygyny aýtdy. “Eger UFC Dastinden aýrylsa, Habib bilen Eagle FC hemişe şu ýerde” diýip, ol belledi. Öň, Eagle FC-niň düzümine UFC-de çykyşlary bilen tanalýan söweşijileriň goşulandygy belli boldy.

Bular Renan Barao bilen Raşad Ewansdyr. Şeýle-de, bu gurama Kewin Li goşuldy. Ýanwar aýynda Eagle FC ABŞ-nyň çäginde ilkinji ýaryşy geçirer.Esasy söweşde russiýaly agyr agramly söweşiji Sergeý Haritonow we niderlandly Taýron Spong duşuşar.

Nurmagomedow karýerasyny tamamlandan soň, Gorilla Fighting Championship promouşenini satyn aldy we ony Eagle Fighting Championship ady bilen täzeden işe girizdi.

Ýene degişli makalalar

Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Jeýk Pol Habibiň promouşenine geçmäge razy boldy
Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy