Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy

Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy

33 ýaşly öňki russiýaly söweşiji we ýeňil agramda UFC-niň eks-çempiony Habib Nurmagomedow çempionda bolmaly esasy häsiýet barada gürrüň berdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Men mundan nähili baş çykarmalydygyny, muny nähili dolandyrmalydygyny bilýärdim we bu basyşy üstünligim üçin peýdalandym. Oktagona çykýan köp söweşijiler millionlarça adam olara sereden ýagdaýynda we basyş edilende özlerini dolandyryp bilmeýärler. Ýöne sen muny diňe bir dolandyrman, eýsem öz garşydaşyňa tarap ulanyp biljekdigiňi duýan wagtyňda, sen ýeňýärsiň” diýip, Habib Braýan Robertsiň YouTube-kanalynda aýtdy.

Nurmagomedow MMA-da 29 söweş geçirip, olaryň her birinde ýeňiş gazandy. Soňky gezek ol 2020-nji ýylyň güýzünde söweşip, amerikaly Jastin Getjiden üstün çykdy. Söweşden soň ol professional karýerasyny tamamlaýandygyny, sebäbi ejesine kakasyz söweşmejekdigine wada berendigini aýtdy.

Karýerasyny tamamlandan soň, Nurmagomedow Eagle FC promouşenini esaslandyrdy. EFC ilkinji çäresini 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ABŞ-da geçirdi. Häzirki wagtda Habibiň ligasy 46 ýaryş geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär