MakGregor bilen Porýe söweşini ýanwarda geçirmegi ylalaşdylar

MakGregor bilen Porýe söweşini ýanwarda geçirmegi ylalaşdylar

Irlandiýaly söweşiji Konor MakGregor we amerikaly Dastin Porýe UFC 257-de söweşmek üçin şertnama baglaşdy. Bu barada MMA Fighting-e salgylanyp, Sputnik agentligi habar berýär.

Habara laýyklykda, türgenler 23-nji ýanwarda Las Wegasda duşuşarlar. Şol bir wagtyň özünde metbugat irlandiýaly söweşijiniň oktagona has irräk gaýdyp gelmegi meýilleşdirýändigini we 12-nji dekabrdaky UFC 256 ýaryşyny göz öňünde tutýandygyny ýazypdy.

MakGregor bilen Porýeniň arasyndaky söweşiň amerikan söweşijisiniň ýagdaýy sebäpli asla bolman hem biljekdigini bellemelidiris.UFC-niň ýolbaşçylygy onuň bilen ylalaşyga gelip bilmedi. Şol bir wagtyň özünde, Porýeniň ýerine söweşe Jastin Getji çykyp biler diýlip hasaplanyldy.

MakGregor bilen Porýeniň oktagonda eýýäm duşuşandygy ýadymyzda bolsa gerek. 2014-nji ýyldaky tutluşykda tehniki nokaut bilen irlandiýaly söweşiji ýeňiş gazanypdy.Konoryň hasabynda 22 ýeňiş we 4 ýeňliş bar.

Porýe karýerasynda 26 söweşde ýeňiş gazandy we 6 gezek ýeňildi, ýene bir söweş bolsa geçirilmedik diýlip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik okuwlarynyň üýtgedilen nyrhnamalary bilen tanyşdyrdy, Türkiýä gitmek üçin syýahatçylyk wizasyna gerek resminamalaryň sanawy, ýanwar aýynyň soňunda Türkmenistanda maýyl howa garaşylýar we beýleki habarlar
Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär, Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Owerçugy kabul etdi, Ahal welaýatynda iki orta hünär okuw mekdebi peýda bolar we beýleki habarlar
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Konor Makgregor täze söweş stilini görkezdi
Konor Makgregor: Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýy mübärek bolsun!