Makoleý Kalkin Ýeke özi öýde filmindäki öýi satyn almak isländigini gürrüň berdi

Makoleý Kalkin Ýeke özi öýde filmindäki öýi satyn almak isländigini gürrüň berdi

Ýeke özi öýde filminde baş keşbi döreden aktýor Makoleý Kalkin filmdäki öýi satyn almak isländigini, jaý üçin bäş million dollar bermäge taýýarlanandygyny gürrüň berdi. Bu barada The New York Times gazetine salgylanýan Kino.mail.ru ýazýar.

Men öz gahrymanymyň öýüni satyn almakçy boldum. Men ony edil kinodaky ýaly hezil ýere öwürmek isledim diýip, 44 ýaşly aktýor gürrüňinde degişdi.

Ol öýi satyn alyp, muzeýe öwürmek isländigini, ýagny islendik adamyň ol ýerde Kewin Makkallister ýaly düşekde böküp ýa-da basgançakdan typyp oýnap bileri ýaly etmegi göwnüne düwendigini boýun aldy. Emma soňra ol bu niýetinden ýüz öwrüpdir we Çikagodaky meşhur öý 2024-nji ýylyň iýunynda näbelli birine satylypdyr.

Täze ýyl agşamy Kewin atly oglanjygyň başdan geçirmeleri barada söz açýan Ýeke özi öýde atly film 1990-njy ýylda ekrana çykdy. Kalkin şol wagt on ýaşyndady. Ol şeýle-de filmiň Ýeke özi öýde 2: Nýu-Ýorkda ýiten atly ikinji bölüminde hem surata düşdi.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
16-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň täze başlygy saýlandy
Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
Saud Arabystanynda katarly sürüji ýeňiş gazandy
Kewin Kostneriň mülki kärendesine berilýär