“Mançester Siti” hem utulýar

Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Mançester Siti” şu möwsümde ilkinji gezek utuldy. Şu möwsümde 22, geçen möwsümi-de hasaba alanyňda, jemi 30 oýundan bäri ýeňilmän gelýän şäherliler myhmançylykda “Liwerpuldan” 43 hasabynda asgyn geldi.

Muňa garamazdan, çempionlyk ugrunda ep-esli öňde barýan “Siti” soňky 25 ýylda “Liwerpuly” myhmançylykda diňe 1 gezek ýeňipdi.“Tottenhem” öz meýdançasynda “Ewertony” Min-son, Keýn (2) hem-de Erikseniň gollary bilen 40 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arsenalyň” utulan bu tapgyrynda “Çelsi” öz meýdançasynda “Lester” bilen deňme-deň oýnady.

Bäsdeşleriniň utuk ýitiren hepdesinde “Mançester Ýunaýted” “Stok Sitini” Walensiýadyr Marsial we Lukakunyň gollary bilen 30 hasabynda ýeňdi.Ispaniýanyň çempionatynda soňky çempion “Real Madrid” öz meýdançasynda “Wilýarrealdan” 10 hasabynda utuldy.

Birnäçe amatly pursady elden gideren “Real Madridiň” torundan ýeke-täk ýeňiş pökgisini 87-nji minutda Pablo Fornals geçirdi. “Wilýarreal” güýçli garşydaşyny “La Liganyň” çäklerinde myhmançylykda ilkinji gezek ýeňmegi başardy.Sanawyň lideri “Barselona” özüne hemişe kynçylyk döredýän “Real Sosiedady” myhmançylykda 42 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýer eýeleri 34-nji minuta çenli 20 öňe saýlanan hem bolsa, soňlugy bilen “Barça” ýyldyzlarynyň gollary bilen ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi.

Katalonlara ýeňiş getiren gollary Paulinio, Luis Suares (2) hem-de Messi derwezä girizdi.2-nji aýlawyna badalga berlen Germaniýanyň “Bundesligasynda” sanawyň lideri “Bawariýa” ýeňiş bilen başlady.Münhenliler myhmançylykda “Baýeri” Martines, Riberi we Rodrigesiň gollary bilen 31 hasabynda ýeňdi. “Leipsig” bilen “Şalkeniň” arasyndaky duşuşykda-da şeýle netije hasaba alnyp, ýer eýeleri ýeňşini baýram etdi.

Dortmundyň “Borussiýasy” bolsa öz meýdançasynda “Wolfsburg” bilen deňme-deň oýnady (0-0).Fransiýanyň çempionatynda-da möwsümiň 2-nji aýlawy başlap, PSŽ ilki myhmançylykda “Nanty” Di Mariýanyň ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda utdy. 21-nji tapgyrda-da “Dižony” öz meýdançasynda 80 hasabynda ýeňip, garşydaşyny derbi-dagyn etdi.

Oýunda Neýmar geçirilen gollaryň deň ýaryny öz adyna ýazdyrdy.Ol 2 goluňam pasyny berdi.Di Mariýa-da 2 gezek tapawutlandy.Duşuşykda 1 gol geçiren Edinson Kawani PSŽ-däki 156-njy pökgisini derwezä girizip, bu ugurda Zlatan Ibrahimowiç bilen deňleşdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
10.08.2017 | Türkmenistanyň Merkezi banky Aziada-2017-niň hormatyna ýadygärlik şaýylaryny çykardy