“The Telegraph” neşiriniň berýän habaryna görä, "Mançester Siti" 2021-nji ýylyň tomsunda iri transfer özgertmelerini meýilleşdirýär. Bu barada sport-express.ru habar berdi.
Çeşmäniň habaryna görä, klub baş tälimçi Hosep Gwardiola transfer maksatly 200 million funt bölüp berer. "Şäherlileriň" esasy transfer maksadynyň hüjümçiniň pozisiýasy bilen bagly boljakdygy habar berildi.Klub şertnamasy 2021-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli dowam edýän hüjümçi Serhio Agueronyň ornuny doldurmak isleýär.
Dalaşgärleriň arasynda Erling Holand (Dortmundyň "Borussiýasy") we Romelu Lukaku ("Inter") bar. "Mançester Sitiniň" mundan başga-da çep ganat goragçysyny we daýanç ýarym goragçysyny satyn almagy göz öňünde tutýandygy bellendi.
Gyşky transfer penjiresinde bolsa klub täze oýunçy bilen şertnama baglaşmagy meýilleşdirmeýär.
