“Mançester Ýunaýtediň” 9-y düzüw

Angliýanyň çempionaty “Premier Liganyň” 22-nji tapgyrynda taryhy netije hasaba alyndy. 2-nji basgançakda barýan “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Southemptony” 90 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 18-nji minutda başlan gol geçirilişik 90-njy minutdan soň tamamlandy. “Ýunaýtedde” 7 oýunda tapawutlanyp, biri 2 gol geçirdi, beýleki gol hem awtogol hökmünde hasaba alyndy.

Gollaryň 4-si 1-nji, 5-si 2-nji ýarymda derwezä girizildi. “Mançester Ýunaýtede” ýeňiş getiren gollary Wan-Bissaka (18), Reşford (25), Bednarek (34, ö.d.), Kawani (39), Marsial (69, 89), Maktomineý (71), Bruno Fernandeş (88 p) hem-de Jeýms (90+4) öz atlaryna ýazdyrdylar.

Duşuşykda “Southempton” toparynyň 2 futbolçysy gyzyl kart aldy (Ýankewits 2, Bednarek 86). Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýted” “Premier Liganyň” rekordyny gaýtalady.Mankunianlar 1995-nji ýylda-da “Ipswiç Tauny” öz meýdançasynda 90 ýeňipdi. Şeýle-de “Southempton” bassyr 2-nji möwsümde 90 hasabynda utuldy.

Topar 2019-njy ýylyň oktýabrynda-da “Lester Siti” topary “Southemptony” 90 ýeňipdi. “Southempton” toparyna şol möwsümde-de häzirki tälimçisi Ralf Hasenhuttl tälim berýärdi.

The post “Mançester Ýunaýtediň” 9-y düzüw appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Siti” ýaryşdan çykdy, “Nottingam Forest” 31 ýyldan soň ýarym finalda
“Tottenhamyň” 50, “Nýukaslyň” 46 million ýewrolyk täze transferleri
92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
Saneden soň Mane
“Real Madridiň” ýyldyzy Amerika transfer boldy