Bir ýyl öňem 10-njy noýabrda wezipesinden boşadylypdy

Italiýanyň “Atalanta” toparynyň 11-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Sassuolodan” 3-0 hasabynda utulmagyndan soň, klubuň tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Iwan Ýuriçi wezipesinden boşadyldy.Topar onuň tälimçiliginde çempionatda 13-nji orna düşdi. Ýuriçiň tälimçilik eden 11 duşuşygynda “Atalanta” 2 gezek ýeňiş gazanyp, şonça sapar hem ýeňildi. 7 duşuşykda bolsa deňme-deň oýnady. Çempionlar Ligasynda bolsa 4 oýnuň birinde ýeňip, 2-sinde ýeňlişe sezewar boldy (1 deňlik). Şowsuz netijelerden soň 50 ýaşyndaky tälimçi 10-njy noýabrda topardan ugradyldy.

Ýeri gelende bellesek, Iwan Ýuriç geçen ýylyň hem 10-njy noýabrynda “Roma” toparynyň tälimçiliginden boşadylypdy. Ýuriç geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrlarynda “Premier Liganyň” wekili “Southempton” toparynyň tälimçiligine bellenip, şu ýylyň aprelinde-de şol wezipesini taşlapdy. “Southempton” topary aşaky liga düşüpdi.

“Atalanta” toparyny 9 ýyl türgenleşdiren Jan Piero Gasperini tomusda “Romanyň” tälimçisi wezipesine bellenilipdi.

Ýene degişli makalalar

Arsenalyň Mançester Sitini ýeňip bilmezlik däbi dowam edýär
92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
“Çelsiniň” täze tälimçisi belli boldy
“Fenerbahçe” toparynyň täze 10-njy belgilisi
Ýyldyz oýunçy Ronaldonyň toparynyň düzümine goşuldy
Düzümindäki ilkinji angliýaly futbolçy bolar