Mankimen: Dew Patel ar alyjy baradaky söweşli film bilen ilkinji gezek režissýorlyk edýär

Mankimen: Dew Patel ar alyjy baradaky söweşli film bilen ilkinji gezek režissýorlyk edýär

Universal Pictures kinostudiýasy meşhur aktýor Dew Pateliň ilkinji gezek režissýorlyk etmeginde surata düşürilýän Mankimen söweşli filminiň ilkinji treýlerini çykardy. Bu barada Film.ru habar berýär.

Treýlerde Mankimen diýlip tanalýan, gorillanyň nikabyny geýen syrly söweşiji Mumbaýda kriminal adamlara we korrumpirlenen syýasatçylara garşy göreşýär. Treýlerden görnüşi ýaly, Mankimen bu adamlar tarapyndan öldürilen maşgalasyndan ar almagy ýüregine düwüpdir.

Filmdäki rollaryň birini Şarlto Kopli ýerine ýetirdi (9-njy etrap). Jordan Pil filme prodýuserlik etdi (Sowul). Filmiň ilkinji görkezilişi ABŞ-nyň teatrlarynda 5-nji aprele meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Ahal bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar
Bolliwud täze filmlerini kinoteatrlara goýberýär
Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi
Hindistanyň günbatarynda 140-a golaý adam güýçli ýagynyň pidasy boldy
Rowaýaty hindi aktýory aradan çykdy